Boeing 2030-njy ýyla çenli bio-ýangyçda uçýan uçarlary çykaryp başlar

Boeing 2030-njy ýyla çenli bio-ýangyçda uçýan uçarlary çykaryp başlar

Amerikanyň Boeing aerokosmiki korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli 100% bio-ýangyçda uçup bilýän täjirçilik uçarlaryny ýola goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu kompaniýadan uçarlaryň hereketlendiriji ulgamlaryny kämilleşdirmegi we uçuşlarda bio-ýangyjyň ýüz göterim ulanylmagy üçin global awiasiýa düzgünleşdirijilerinden şahadatnama almagy talap eder diýip, kommersant.ru belleýär.

Boeing bu ugurda eýýäm birnäçe wagt bäri iş alyp barýar. 2018-nji ýylda ýüz göterim bio-ýangyjy ulanmak bilen ilkinji gatnaw amala aşyryldy.Bu Boeing 777 ýük uçarydy, synag uçuşy FedEx transport kompaniýasy tarapyndan geçirildi.

Umuman, hereket edýän düzgünlere laýyklykda, adaty uçuşlar üçin bio-ýangyjyň iň ýokary düzümi 50%, garyndynyň galan 50%-i adaty awiasiýa ýangyjy bolmaly.Awiasiýa üçin bio-ýangyç dürli çig maldan, şol sanda iýilmeýän ösümliklerden, oba hojalygy we tokaý galyndylaryndan, gaýtadan ulanylmaýan öý galyndylaryndan we senagat gaz zyňyndylaryndan öndürilip bilner diýip, Boeing belleýär.

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, bio-ýangyjyň ulanylmagy atmosfera kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 80% azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Awiasiýa sergisi geçirilýär
Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara...
100 uçar sargyt etdi
DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmen wekiliýeti “TürkmenistanABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy