“Borussiýa” “Borussiýadan” üstün çykdy

Germaniýanyň “Bundesligasynda” 18-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda iki “Borussiýa” kluby duşuşdy. Ýagny Mönhengladbah “Borussiýasy” öz meýdançasynda Dortmundyň “Borussiýasyny” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri ilki hasaby açsalaram, myhmanlar Erling Hollandyň (22, 28) gollary bilen 21 öňe saýlandy. Ýöne soňlugy bilen, ýer eýeleri 41 hasabynda ýeňiş gazandy.

Mönhengladbahlylara ýeňiş getiren gollary Elwedi (11, 32), Bensebaini (49) hem-de Turam (78) derwezä girizdi. Şunlukda, “Borussiýa M” topary 12 oýundan soň “Borussiýa D” toparyny ýeňlişe sezewar etdi.Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Holland şu möwsümde 13 duşuşygynda 14 gol geçirdi.

Bu ýeňişden soň, “Borussiýa M” 4-nji orna geçdi, “Borussiýa D” 5-nji ýere düşdi.

The post “Borussiýa” “Borussiýadan” üstün çykdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Bundesligadan” “Premier Liga” transfer boldy
Çempionlyga garaşýan çempionlar
“Bawariýa” çempionlygy soňky tapgyra goýdy
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Çempionlyga 2 ýeňiş galdy
Möwsümiň taryhy ýeňişleri