Braziliýa ýeňlişiz barýar

Ýene-de 2 ýyldan Katarda geçiriljek futbol boýunça XXII Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda 3-4-nji duşuşyklar oýnaldy.Braziliýanyň ýygyndysy ilki Wenesuelany Firminionyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňdi.

Olar 2-nji duşuşygynda myhmançylykda Urugwaýdan Artur we Rişarlisonyň gollary bilen 2-0 üstün çykyp, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdi.Argentinanyň ýygyndysy Paragwaý bilen öz meýdançasynda deňme-deň oýnady.

Tangoçylar soňky duşuşygynda bolsa, Perunyň ýygyndysyny Gonzales we Martinesiň gollaryň bilen 2-0 ýeňdi.Bu 2 tapgyr düzüminde belli oýunçylary bolan Kolumbiýanyň ýygyndysy üçin juda şowsuz geçdi.Olar ilki öz meýdançasynda Urugwaýdan 0-3 (Kawani 5, Suares 54 p, Nunýes 73) utuldylar.

Portugaliýaly Karlos Kueroşyž tälim berýän topary myhmançylykda Ekwadordan 6-1 hasabynda asgyn geldi.Ekwador bu oýundan öň Boliwiýany hem 3-2 hasabynda ýeňipdi.Olar Braziliýa we Argentinadan soň, sanawda 3-nji basgançakda barýarlar.

Boliwiýa Ekwador: 2-3,

Argentina Paragwaý: 1-1,

Kolumbiýa Urugwaý: 0-3,

Çili Peru: 2-0,

Braziliýa Wenesuela: 1-0;

Wenesuela Çili: 2-1,

Ekwador Kolumbiýa: 6-1,

Urugwaý Braziliýa: 0-2,

Paragwaý Boliwiýa: 2-2,

Peru Argentina: 0-2

The post Braziliýa ýeňlişiz barýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Daşary ýurtlar Ankaradaky hüjümi ýazgarýarlar
Peruwyň ilkinji zenan Prezidenti