Bu gezek Ýupiteri surata düşürdi

Kosmosy has ýakyndan öwrenmek maksady bilen uçurylan Jems Web teleskopy bilen ilkinji gezek Ýupiter surata düşürildi.ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA), Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) we Kanadanyň Kosmos Agentligi (CSA) tarapyndan bilelikdäki maksatnamanyň bir bölegi bolan Jeýms Webb kosmos teleskopy häzire çenli döredilen iň uly, güýçli we gymmat bahaly teleskop hasaplanýar.

Teleskop arkaly kosmosyň çuňluklaryndan alan ilkinji ýokary durulykda şekili 12-nji iýulda ýaýradylypdy.

Astronomlar Ýupiteriň täze alnan suraty arkaly planetada güýçli tüweleýiň, auroralaryň we aşa yssynyň we basyşyň bardygyny anykladylar. Teleskop bu planetany has ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berer. Köp ýyllar Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetinde zähmet çeken professor, astronom Imke de Pater, ýokary hili şekillere ýokary baha berip, köp zat öwrenip boljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
Planetara stansiýasyny uçurmakçy
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Asmanyň Kolumby
2021-nji ýylyň esasy kosmiki taslamalary