Büzmeýinde 15 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berildi

Büzmeýinde 15 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berildi

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde Senagat köçesiniň ugrunda 15 sany dört gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylyşa berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, her ýaşaýyş jaýy 32 öýden ybaratdyr.

Habarda bellenilişi ýaly, Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy toplumlaýyn alnyp barylýar. Şäherçäniň çäginde 600 sany okuwçy üçin umumy bilim berýän mekdep guruldy. Öýleriň arasyndaky giňişliklerde sport meýdançalary, stadionlar, çagalar üçin oýun meýdançalary we awtoulaglar üçin wagtlaýyn duralgalar gurulýar. Şeýle hem, jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde 160 orunlyk çagalar bagy bina ediler.

Büzmeýin etrabyndaky täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ikinji tapgyr bilen çäklenmeýär. Senagat köçesinde ýenede 30 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak bilen, ýaşaýyş toplumyny giňeldiler.

Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaýlar Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýar.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar
Türkmen bedewi halkymyzyň buýsanjy
Bedew - türkmen üçin bagtyň başydyr
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: Begnazarow ilkinji finalçyny ýüze çykarjak duşuşygyň emini bolar
Bu gün toý donuna beslenip Diýar, Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar atly söhbetdeşlik geçirildi
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi