“Bundesliga” diýmek “Bawariýa” diýmek

“Bundesliganyň” 32-nji tapgyrynda öz meýdançasynda “Borussiýa M” toparyny 6-0 hasabynda ýeňen “Bawariýa” çempionlygyny yglan etdi.Bu münhenlileriň bassyr 9-njy, umumylykda-da 31-nji (30-sy “Bundesliga”) çempionlygyny gazandy. “Bawariýa” çempionlyk gazandyran duşuşygyň gollaryny Robert Lewandowski (3), Müller, Koman hem-de Sane derwezä girizdi. Şu möwsümdäki gollarynyň sanyny 39-a ýetiren Robert Lewandowski ýene-de 2 gol geçiren ýagdaýynda Gerd Mülleriň bir möwsümde 40 gol rekordyny täzelär.

Tapgyryň merkezi oýnunda “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Leipsigi” kynlyk bilen hem bolsa, 3-2 hasabynda ýeňdi we 4-nji orna beýgeldi. Duşuşykda Jeýdon Sanço 2 gol geçirip, toparynyň ýeňşinde esasy roly oýnady.

Ýene degişli makalalar

Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
“Bawariýa” “Dartmştadty” dargatdy
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
"Forbes" žurnaly 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçyny mälim etdi