Business recorder: Pakistan nebit satyn almak üçin Russiýa bilen gepleşikler geçirmekçi

Business recorder: Pakistan nebit satyn almak üçin Russiýa bilen gepleşikler geçirmekçi

Pakistanyň nebit ministri Musadik Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar düýn çig nebitiň we nebit önümlerini satyn almak üçin gepleşikleri geçirmek maksady bilen Moskwa bardy. Bu barada Business recorder neşiri habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Neşir soňky döwürde energiýa göterijilerine dünýä nyrhlarynyň barha gymmatlaýan şertlerinde Russiýadan arzanladylan nyrhdan nebit satyn almak pikiriniň Pakistanda ýörgünli bolandygyny belleýär.

10-nji iýunda Russiýanyň Karaçidäki baş konsuly Andreý Fýodorow eger Pakistan ýüz tutsa, Russiýadan nebitdir nebit önümleriniň aşakladylan baha bilen satyn alyp biljekdigini ýaňzydypdy. Konsul nebit temasynyň Pakistanyň öňki premýer-ministri Imran Han tarapyndan onuň Moskwa sapary wagtynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny, emma ylalaşyklaryň gazanylmandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

City Business School satuwlarda gepleşikleri geçirmek boýunça treninge çagyrýar
Türkmen tennisçileri Özbegistanda geçirilen ATF U14 ýaryşynda bäş medal gazandylar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapary amala aşyrar, Türkmenistanda içerki pasportyň täze nusgasy tassyklandy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly kitabynyň rus dildäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi we beýleki habarlar
“Ukraine Business Review” gazetinde Änew şäheri hakynda makala çap edildi
BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy
MiniBoss Business School VR-School taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar