Çempionlygyny goran 6-njy topar

Woleýbol boýunça Niderlandlarda hem-de Polşada geçirilen zenanlaryň arasyndaky 19-njy Dünýä çempionatynda çempion üýtgemedi.Finalda Braziliýany 3:0 hasabynda ýeňen Serbiýanyň zenanlar ýygyndysy bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy. 1-2-nji setler çekeleşikli geçip, serbler 26:24 hem-de 25:22 hasaplar bilen üstün çykdy. 3-nji setde bolsa çempionlyk arkaýynlyk bilen oýnap, 25:17 hasabynda garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi we bassyr 2-nji gezek Dünýäniň çempiony bolmagy başardy.

Serbiýanyň ýygyndysy ozalky SSSR-den, Ýaponiýadan, Kubadan, Hytaýdan hem-de Russiýadan soň çempionlygyny goran 6-njy topar boldy.

Braziliýanyň zenanlar ýygyndysy bolsa 4-nji gezek finalda utulyp, olaryň çempionlyk umydy indiki ýaryşlara galdy. Toparyň tälimçisi, 19 ýyldan bäri bu topara tälim berip gelýän Ze Roberto 3-nji gezek finalda ýeňildi. 68 ýaşyndaky tälimçi Braziliýanyň ýygyndysyna 2 gezek Olimpiýa altyn medalyny gazandyrsa-da, oňa häzirlikçe Dünýä çempionatynyň çempionlygyna ýetmek başardanok.

Ýene-de Boşkowiç

Serbiýanyň ýyldyzy Tatiýana Boşkowiç çempionatyň iň ökde oýunçysy saýlandy. Ol geçen çempionatda-da bu hormata mynasyp bolupdy. Ol kubaly Regla Torresden soň yzly-yzyna 2 çempionatda iň ökde saýlanan 2-nji woleýbolçy boldy.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Italiýanyň ýygyndysy ABŞ-nyň ýygyndysyndan 3:0 (25:20, 25:15, 27:25) üstün çykyp, ilkinji gezek 3-nji ýeri eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Woleýbolçy Gyzlar Ýarym Finalda Italiýa Bilen Bäsleşer
Woleýbolçy Gyzlar Çärýek Finalda Polşa Bilen Bäsleşer
Woleýbolçy Gyzlar Finalda…
Ahal welaýatynyň obalarynda täze mekdepler dabaraly ýagdaýda açyldy, Türkmenfilm Duşanbe şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşar, Türkmenistanda pagta ýygymy 9-njy sentýabrda başlanar we beýleki habarlar
Türkiýäniň Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasy Ýewropanyň Çempiony Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
14 ýyldan soň gazanylan 2-nji çempionlyk