CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynda umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurdurar

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynda umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurdurar

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň 1-nji şäherçesinde 3 sany umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny dowam etmek boýunça №CIT-22097-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

Tendere gatnaşmak üçin arza;

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky gaz ýataklarynyň suw arassalaýyş desgalary döwrebaplaşdyrylýar
Türkmenistanly işewürler SITEX2024 sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
USAID-iň YDA Taslamasy TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar
Turkmenportal programmistler üçin boş iş orunlaryny yglan edýär
Türkmen telekeçileri halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar