Çöldäki tolkun şekilli alaňlar nädip emele gelýär?

Ykdysadyýet we Senagat

Ýel, ýagyn we beýleki tebigy hadysalar Ýer ýüzüniň relýefine öz täsirini ýetirýär. Deňiz kenarlaryndaky kert gaýalar, dag eteklerindäki çeşmeler tebigy hadysalaryň netijesinde emele gelýär. Çöllerdäki, sähralardaky we gumluklardaky depeler hem şeýledir. Ownujak gum bölejiklerinden emele gelýän bu täsin tebigy gözellik hem muňa iň gowy mysallaryň biridir. Beýikli-pesli alaňlar we olaryň ýüzündäki tolkun şekilleri ýeliň çäge dänejiklerine urmagy netijesinde döreýär. Bir gum bölejiginiň şemalyň täsiri bilen nähili hereket etjekdigini üç sany güýç kesgitleýär. Dartyş güýji çägäniň ýeriň ýüzünde durmagyna täsir edýär. Ýel öwüsýän tarapynda gum bölejiginiň süýrenmegine sebäp bolýar. Şeýle hem gum zerrejiginiň ýüzünde hereket edýän wagty basyş tapawudy emele gelýär. Bu basyş tapawudy uçarlaryň ganatlarynyň aşagyndaky we ýokarsyndaky howa akymynyň tapawutly bolmagyna meňzeýär. Ýeliň güýji kiçi zerrejikleri howada uçurýan bolsa, has iri bölejikleri ýerde süýremek arkaly süýşüýär. Şeýlelikde, çäge bölejikleriniň käbiri uzak aralyga gitmän ýere düşýän bolsa, has kiçileri uzak aralyga uçup gidýär. Bu bolsa, tolkun şekilli alaňlaryň döremegine getirýär. Emele gelen gum depeleriniň bir tarapy dik, beýleki tarapy ýapgyt bolýar.
Mährijemal Allanazarowa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
28-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020 atly XXV Halkara maslahaty açylar
Yslam Rewolýusiýanyň ýokary lideri, Korona garşy durmak üçin aýgytly kararlaryň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny nygtadylar
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty
Seýrek gül açýan ösümlikler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda