Daniil Medwedew ATP-niň Jemleýji ýaryşynda ýeňiji boldy

Daniil Medwedew ATP-niň Jemleýji ýaryşynda ýeňiji boldy

Rus tennisçisi Medwedew tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) Jemleýji ýaryşynda ýeňiji boldy. Bäsleşik Londonda geçirildi.

Jemleýji oýunda Medwedew 4:6, 7:6 (7:2), 6:4 hasabynda dünýäniň üçünji raketkasy bolan awstriýaly Dominik Timden üstün çykdy.Finala barýan ýolda tennisçileriň ikisi-de ATP-niň reýtinginiň ilkinji iki setirini eýeleýän serb Nowak Jokowiçi we ispaniýaly Rafael Nadaly ýeňdiler.

Medwedew toparçada dünýäniň ilkinji raketkasy Jokowiç bilen, ýarym finalda Nadal bilen duşuşdy.Ol Tim bilen bäş oýun oýnady, olaryň üçüsinde awstriýaly tennisçi ýeňiş gazandy. 24 ýaşly Medwedew üçin bu Jemleýji ýaryşda birinji ýeňiş boldy, ol ýaryşa ikinji gezek gatnaşýar.

Geçen ýyl ol üç oýunda-da utulyp, toparçasynda dördünji orny eýeledi.Bu möwsümde bolsa ol toparçadaky duşuşyklaryň üçüsinde hem ýeňiş gazandy.Medwedew dünýä reýtinginde dördünji orunda durýar we ATP-niň dokuz sany titulyna eýe.

Ýene degişli makalalar

Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy