Daşary Işler Ministri Çawuşogly Çeh Respublikasyna Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Daşary Işler Ministri Çawuşogly Çeh Respublikasyna Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Çeh Respubliklasyna guraýan iş saparyny dowam etdirýär.

Çawuşogly paýtagt Paragada geçirlen 4-nji Aziýa-Ýewropa syýasat forumyna gatnaşdy.

Çawuşogly prezident köşgünde geçirlen forumda çykyş etdi.

Mewlüt Çawuşogly mesele hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Pragada geçirlen Aziýa-Ýewropa syýasat forumynda Türkiýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky garaýşyny gürrüň berdik” diýdi.

Çawuşogly iş sapayrnyň çäginde Pragada ýaşaýan türk raýatlary we işewürleri bilen hem duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Çehiýadaky ilçihanasynda geçirlen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary hakynda durup geçdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, “4 milliard 400 million dollara barbar bolan söwda mukdarymyzy şu ýyl 5 milliard dollara ýetirmegi birnäçe ýylyň dowamynda bolsa 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar