zdf.de: Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Jo Baýdeniň ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde wezipä başlamagyndan hoşaldygyny beýan etdi.
Deutsche Welle: Germaniýada erkek jüýjeleriň ýok edilmegi gadagan ediler.
Süddeutsche Zeitung: Germaniýada köpçülikleýin ulag serişdelerinde we dükanlarda maskanyň FFP2 görnüşi ýa-da lukmançylyk maskalar mejbur ýagdaýa getiriler.
La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäheriniň merkezindäki binalaryň birinde bolan partlamada azyndan 3 adam ýogaldy.
El País (Ispaniýa): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ähli amerikalylary ähli zady başyndan başlamaga çagyrdy.
Telesur (Wenesuela): Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Milli mejlisi ABŞ bilen gatnaşyklary ýaňadandan ýola goýulmagy üçin işe girişmäge çagyrdy.
Le Parisien: Kowid-19: Fransiýa ÝB ýurtlaryndan geljek ýolagçylar üçin Kowid-19 testleri mejbury ýagdaýa getirmegi pikir edýär.
Le Monde: Fransiýanyň Mejlisi saglygy goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýyň uzadylmagyny tassyklady.
Le Figaro: Fransiýada Yslam tertipnamasy: Fransiýanyň Yslam geňeşine degişli 3 federasiýa resminamanyň häzirki görnüşine gol çekmegi ret edýär.
Al Jazeera: ABŞ-daky Kasam edişlik dabarasyndan soň: Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni Eýran bilen ýüzleşmäge çagyrdy.
Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Jo Baýden wezipä başlamadan 1 sagat ozal BAE bilen ýarag şertnamasyny baglaşdy.
Al-Raýa (Katar): Müsür Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlandygyny mälim etdi.
Kommersant: 2020-nji ýylda Russiýa gelen daşary ýurtlylaryň sany 2019-njy ýyla garanyňda 70 göterim azaldy.
RIA Nowosti: NASA, Russiýadaky wekilhanalarynyň sanyny azaltmak isleýär.
Russia Today: Roskomnadzor edarasy, VKontakte gollanmasyndan tussag edilen rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi üçin geçirilen protestlere gatnaşmak baradaky çagyryşlary aýyrmagyny talap edýär.