Daşary ýurtlardaky türkmenleriň protestleriniň uly ähmiýeti bar’

Daşary ýurtlardaky türkmenleriň protestleriniň uly ähmiýeti bar’

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri we migrantlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatyna garşy protest çärelerini güýçlendirýärler. Synçylar bularyň Türkmenistandaky bolup geçýän ýagdaýlary halkara jemgyýetçiligine ýetirmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny’ belleýärler.

Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagynyň öňüsyrasynda daşary ýurtlaryň ençemesinde Türkmenistandaky režime garşy protest çäreleri gurnaldy.

28-nji iýunda ABŞ-da Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň we BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde geçirilen demonstrasiýalaryň dowamynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýetden çekilmegine çagyryş edildi.

Protest çäresine toplananlar beýleki meseleler bilen bir hatarda, türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky koronawirus pandemiýasynyň asyl gerimini gizläp, ilaty howp astyna salýandyklaryny, apreliň aýagynda ýurduň gündogar sebitlerinde gopan apy-tupanyň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmakda ejir çeken ilata ýeterlik hemaýat etmeýändiklerine ünsi çekdiler.

Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlap 26-njy iýunda Türkiýäniň Stambul şäherinde hem Türkmenistanyň hökümetine garşy protest aksiýalary gurnaldy.

Synçylar daşary ýurtdaky türkmenleriň Türkmenistandaky bolup geçýän ýagdaýlara öz nägileliklerini açyk, şol sanda jemgyýetçilik ýerlerinde hem beýan edip başlamagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belleýärler. Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni, Türkmenistandaky ýagdaýlary uzak wagtdan bäri yzarlap gelýän Brýus Panniýer munuň sebäbini şeýle düşündirdi:

“Biz Türkmenistandaky ýagdaýlaryň ýaramazdygyny, häkimiýetleriň repressiýalara hem baş goşýandygyny bilýäris.Türkmen hökümeti ýurduň içinde bolup geçýän ýagdaýlary ýaşyrýar we dürli pudaklardaky görkezijileri çişirip görkezýär.Emma türkmen prezidenti çölüň içinde ulag sürmek, ştanga götermek ýaly täsin bir hokga çykaraýmasa, Türkmenistandaky bolup geçýän ýagdaýlara köp kişi üns hem bermeýär.

Daşary ýurtdaky türkmenleriň açyk görnüşde türkmen hökümetini tankytlamagy Türkmenistan barada köp zat bilmeýän adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär” diýip, Panniýer belledi.

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň ýurt içinde we daşynda Türkmenistanyň raýatlary bilen bagly wakalar we olara resmi Aşgabadyň garaýyşlary baradaky sowallaryna jogap bermeýär.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda dürli pikirliligiň hem-de söz azatlygynyň berk depelenýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi
ABŞ-da, Ysraýylyň Hüjümlerine Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Russiýada Oppozisioner Nawalnyýyň Ýogalmagyndan Soň Başlan Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi
Britaniýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Makron Protest Edildi