Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy.

Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Geňeşmeleriň dowamynda BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly sebit we halkara düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklaryň netijejeliligi bellenildi. Hususan-da, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesi barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan çäreleriň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat edaralarynyň derejesinde türkmen-belarus gatnaşyklarynyň netijeliligini we yzygiderli häsiýete eýedigini nygtap, döwletara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýyna garadylar hem-de onuň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, söwda, maýa goýum we senagat ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekde, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus Hökümetara toparynyň hem-de Söwda öýleriniň işi hem aýratyn nygtaldy.

Däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryna, şol sanda bilim ýaly ileri tutulýan ugurdaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, taraplaryň ýola goýlan ylmy, döredijilik we medeni gatnaşyklaryny dowam etmegi ugur edinýändigi bellenildi.

Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň we tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmançylyk diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmak boýunça başlangyjy bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Bu diplomatiýa häzirki ýagdaýlary nazara alanyňda aýratyn ähmiýete eýedir.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Zielinski & Rozen parfýumeriýa öýüniň butigi müşderileri çagyrýar
Maryda geçen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy boldy
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän Bagt şäherim Aşgabat“ atly sergi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy