Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

20-nji ýanwarda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn-duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Şeýle-de, şol gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy
2023-nji ýylda 46,5 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy
Başgyrdystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2 müňden gowrak türkmen talyby okaýar
2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi
Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar