Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly C5+1 görnüşinde duşuşygy geçirildi.Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe aýratyn üns berýän meselesi bolan Owganystandaky ýagdaýy ...