Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň ähli düzümlerinde gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäginde degişli guramaçylyk işleri amal edildi, tehniki-hojalyk çäreleri göwnejaý geçirildi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.
Netijede, jemagat ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly binalary, orta mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk öýlerini hem-de edara-kärhanalary ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün etmek wezipesi bellenilen tertipde doly ýerine ýetirilýär.Birleşigiň hasabynda bar bolan merkezleşdirilen ýyladyş desgalarynyň 162-si, ýyladyş gazanlarynyň 408-si öz wagtynda düýpli abatlanyldy.
Olaryň sazlaşykly işledilmegi netijesinde, ýylylyk geçiriji ulgamlaryň gurşawynda ýerleşýän orta mekdepleriň 103-si, çagalar baglarynyň 57-si, jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň 1500-den gowragy durnukly derejede ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Möhüm möwsümde ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini ýola goýmak maksady bilen, Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginde, şeýle-de ähli etrap jemagat hojalygy müdirliklerinde nobatçylyk gulluklary döredildi, olar ýörite awtoulaglar hem-de zerur iş enjamlary bilen üpjün edildi.
Bu gaýragoýulmasyz çäreler, ilkinji nobatda, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, olaryň abadan ýaşaýşy üçin durmuş amatlyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Bu birleşigiň garamagynda Daşoguz şäher Arassalaýyş we abadanlaşdyryş kärhanasy, ýylylyk müdirligi, ähli etraplardaky jemagat hojalygy müdirlikleri bolup, olarda häzir işçi-hünärmenleriň 2300-e golaýy zähmet çekýär.Bu ýerde işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümçilik-hojalyk täzeliklerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Sazlaşykly hereket edýän düzümlerde işleriň göwnejaý guralmagy esasynda birleşik boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalar artygy bilen berjaý edilýär, iň esasy-da, edilýän hyzmatlaryň görnüşi artýar, hili ýokarlanýar.