Daşoguz welaýatynda eksport mümkinçilikleri artdyrylýar.

Daşoguz welaýatynda eksport mümkinçilikleri artdyrylýar.

Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has belentliklere çykarmakda, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda Hormatly Prezidentimiz yzygiderli alada edýär.Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini aýan edýär we bazar gatnaşyklaryny seljermäge, ilatyň durmuş derejesiniň we onuň abadançylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Bu ugurda zähmet çekýän, has takygy, gök we bakja önümleri gaýtadan işleýän telekeçiler daýhanlaryň türkmen topragynda kemala getiren bol hasylyny gaýtadan işläp halka hödürleýärler.Daşoguz welaýatyndaky “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetinde hem pomidor goýaltmasy, şiresi, marinada ýatyrylan pomidor, sarymsak, ajy burç, marinada ýatyrylan işdäaçarlar, duzlanan kelem, ajy we süýji üwmeçler, şeýle hem gawun, kädi mürepbeleri we başga-da dürli görnüşli mürepbeler öndürilýär.

Kärhananyň ýylda 5 million şertli banka öndürmäge mümkinçiligi bar.Taýýar önümler ýurdumyzda öndürilýän çüýşe gaplara gaplanylýar. “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetine degişli bolan Daşoguz welaýatynda ýerleşýän gök-miwe önümlerini we pomidor goýaltmasyny gaplaýan zawod Daşoguz şäheriniň we obalarynyň ilatyny özüniň ýokary hilli önümleri bilen üpjün edýär.

Bu zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 1000 tonnadan gowrak pomidor goýaltmasyny taýýarlap halka ýetirýär. 2014-nji ýyldan bäri hereket edýän “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň alyjylary içerki bazarlarda barha artýar. “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetiniň önümleri birnäçe döwletlere eksport edildi.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda güýçli ýer yrandy
Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy
Türkiýedäki saýlawlar türkmenistanlylar üçin täsirli boldy
“Täze Aý” şöhlat, konditer, süýt önümleriniň täze görnüşlerini çykaryp başlady
Motor ýaglaryny öndürýän Asuda akym türkmen kärhanasy Owganystanyň bazaryna çykýar
Rowachlan Galkynysh TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal