Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça Türkmenistanyň çäginden geçýän otlularyň sany aýda 17-ä ýetiriler

Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça Türkmenistanyň çäginden geçýän otlularyň sany aýda 17-ä ýetiriler

Şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň RŽD Logistika ulag kompaniýasy Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Türkmenistanyň üsti bilen ilkinji yzygiderli konteýner otlusyny işe girizdi.

Häzirki wagtda otly bu ugur boýunça aýda bir gezek geçýär, ýöne kompaniýa Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinden geçýän yzygiderli konteýner otlularynyň sanyny aýda 17 otla çenli köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Elizarowyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berdi.

Çehowdan (Russiýa Federasiýasy) ugran ilkinji konteýner otlusy Gazagystanyň çäginden geçip, Türkmenistandaky Sarahs stansiýasyna geldi. Bu ýerde konteýnerler 1520 mm ölçegden 1435 mm ölçeýjä çenli ýüklendi we soňra Eýranyň çägi bilen Bandar Abbas portuna iberildi. Ondan aňry bolsa bellenilen ýere deňiz arkaly barmaly bolar.

— Bu — geljegi uly ugur, ol has arzan hem-de çalt. 31 konteýnerli ilkinji otlyny biz RŽD paýdarlar jemgyýetiniň we RŽD Logistika kompaniýasynyň işgärleri bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Eýran bilen serhetdäki Sarahsda dabaraly ýagdaýda garşyladyk.

Aýda, takmynan, 17 otly ugratmak barada wezipe öňde goýuldy we ol ýerine ýetiriler.Dekabr aýynda biz ýene bir otla garaşýarys.Emma indiki ýyldan başlap, aýda 17 otlynyň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge başlarys — diýip, Aleksandr Elizarow belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, rus ýük ugradyjylary eýýäm Türkmenistanyň üsti bilen köp mukdarda ýük daşamak boýunça ýüztutma ugradypdyrlar.

Orta möhlet bilen, biz ony (ýüküň möçberini - red.) 5 million tonna, uzak möhletde bolsa, rus we türkmen hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 25 million tonna çenli ýetirmegi meýilleşdirýäris. Türkmenistanyň üstaşyr potensialy iňňän uly diýip, söwda wekili nygtaýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk-Günorta geçelgesinden peýdalanýan rus otlularynyň sany artdyrylar
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Logistikanyň we Halkara forumyň netijeliligi
Logistika ulgamy ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 11,6 göterim artdy
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler