Dinozawryň kelleçanagy 6 million dollara satyldy

Dinozawryň kelleçanagy 6 million dollara satyldy

Nýu-Ýorkdaky Sotheby's söwda öýünde geçirilen auksionda tirannozawryň kelleçanagy 6 million dollara satyldy diýip, The Guardian habar berdi diýip, Rossiýskaýa gazeta ýazýar.

Maksimus diýlip at berlen kelleçanak häzire çenli ele salnan tirannozawryň ýeke-täk doly kelleçanagy hasaplanýar.

Bu dinozawrlaryň galyndylarynyň auksionlardaky ilkinji satuwy däldir, öň hem Christie's söwdalaşyk öýünde Şen diýlip at berlen tirannozawryň ystyhany 25 million dollar baha bilen satuwa çykarylypdy, geçen tomusda Sotheby's öýi gorgozawr diýilýän görnüşiň galyndysyny 6,1 million dollara satypdy.

Londonyň tebigat muzeýiniň wekilleri dinozawrlaryň galyndylary öň, esasan, hünärmenler tarapyndan satyn alnan bolsa, indi olary hususy toplaýjylaryň hem uly gyzyklanma bilen satyn alýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, muzeýleriň köpüsine hususy toplaýjylar bilen bäsleşmekde pul serişdesi ýetmeýär. Munuň üçin olara muzeýlere maliýe goldawynyň zerurdygyny nygtaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
Guterriş: dünýäde ählumumy gaýnama eýýamy başlandy
Şotlandiýada loh-ness jandarynyň gözleg işleri geçiriler
Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistan ulaglardan çykýan zyýanly gazlara garşy göreşýär
Howanyň üýtgemeginden çekilen ählumumy ýitgi hasaplandy
Howanyň üýtgemeginden çekilen zeper hasaplandy