Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Maldiwleriň Prezidentini gutlady

Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Maldiwleriň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Ibragim Mohamed Solihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Maldiwler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny, iň oňat arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Maldiwler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanly hünärmen Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň 3x3 basketbol boýunça ýaryşlarynda eminlik eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şri-Lankanyň Prezidenti iş başyndan gidýändigini elektron hatyň üsti bilen habar berdi
Wengriýadan diplomat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy saýlandy
Aziýanyň kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna badalga berilýär