Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň döredilen gününiň 39 ýyllygy paýtagt Ankarada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.
Dabara gatnaşan Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, DKTR-nyň öz ykbalyny kesgitlemegi üçin uly tagalla eden Kipr türkleriniň tutanýerli göreşinden soň bu sepgide ýetilendigini nygtady.
Ministr Akar, “Parahatçylyk operasiýasyna çenli Kiprli doganlarymyza edilen zulumyň ýatdan çykarylmazlygy üçin şol günlerde başdan geçirlen wakalar ýaşlara gürrüň berilmeli. Türkiýe Respublikasy döwletiniň Türk ýaragly güýçleri hökmünde Kiprli doganlarymyza goldaw berdik we goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
“Kipr biziň milli meselämiz” diýen ministr Akar, Türkiýäniň howandarlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini şu günki güne çenli ýerine ýetirendigini we ýerine ýetirmäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.
Türkiýäniň we DKTR-nyň parahatçylyk isleýändigini her pursatda görkezendigini emma parahatçylyk üçin beren teklipleriniň kabul edilmändigini nygtan Akar, yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin DKTR-nyň garaşsyzlygynyň, hak-hukuklarynyň kabul edilmelidigini ýatlatdy.