Döwrebap kärhana ulanmaga berildi

Gökdepe etrabynyň çäginde keramiki kerpiç öndürýän kärhana açylyp, ulanylmaga berildi.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tirkeş” hususy kärhanasynyň açylyş dabarasy köp adamly boldy.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda keramiki kerpiji öndürýän häzirki zaman kärhanasynyň açylmagy hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işiniň ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrdy.

Dabara meýdançasyndaky esasy sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.Täze desganyň toý bagynyň kesilmegi bilen, ol ýerdäki şatlyk-şowhun has-da belende göterildi.Soňra myhmanlar täze kärhana aýlanyp, onuň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.Bäş gektar meýdanda bina edilen täze desganyň kuwwaty ýylda 1 million keramiki kerpiji öndürmäge barabardyr.

Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen iň kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy kärhanada öndüriljek önümiň hiliniň ýokary bolmagyna şert döreder.Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilişini artdyrmak, önümçiligiň eksport ugurlylygyny üpjün etmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşjak bu kärhanadaky awtomatlaşdyrylan enjamlar çig malyň ýokary derejede işlenilmegine ýardam eder.

Kerpiç önümçiliginde gerek bolan topragyň, çägäniň we suwuň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ol ýerde uzynlygy 25 santimetr, ini 12 santimetr bolan keramiki kerpiç öndüriler.Kärhananyň önümleri buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze oýun sahnalaşdyryldy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri
Giň gerimli oňyn özgertmeler rowaçlyklaryň, üstünlikleriň binýadydyr