Dubaýda iň çuň howuz açyldy

Dubaýda iň çuň howuz açyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dünýäde iň çuň emeli howuz ulanmaga berildi. Onuň çuňlugy 60 metre deň bolup, guwwaslaryň suwa çümmegi üçin niýetlenendir we gurluşy boýunça giden suwasty şäheri ýatladýar.

Täze taslama daýwing sporty üçin dünýäde iň çuň howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Dubaýyň täze sport-güýmenjeler binasy Polşadaky 15 metre golaý çuňlukdaky Deep Spot howzundan— bu ugurdaky öňki rekordyň eýesinden ozdurmagy başardy.

Dubaýyň howzunyň düýbünde giden suwasty dünýä ýerleşýär, guwwaslaryň egin-eşigini geýip, täsin suwasty giňişligi synlap bolýar. Howzuň suwy Selsiý boýunça 30 gradus ýylylykda saklanýar. Howpsuzlyk üçin onda 56 sany wideokamera ornaşdyrylandyr.

Howzuň sygymy 14 million litre, ýagny olimpiýa oýunlary maksatly howuzlaryň 6-syna deňdir. Häzirlikçe howuz diňe ýörite çakylyk boýunça elýeterli, oňa Dubaýyň ygtyýarly adamlarydyr meşhur amerikan aktýory Uill Smit baryp gördi.

Howzuň açylyş dabarasy iýulyň aýagynda bolar. Bu barada “National Public Radio” radioýaýlymy habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy
Ronaldonyň hem-de Benzemanyň topardaşlary Dünýä Kubogyna gatnaşmaz
Karate oglanjyk filminiň dowamy surata düşüriler
Oskaryň dabarasyny alyp barmakdan ýüz öwürdi
Ogluna birbada 16 at dakdy