Dünýä 50 ýyl ozalkydan has çalt aýlanýar

Dünýä 50 ýyl ozalkydan has çalt aýlanýar

Dünýä 2020-nji ýylda adatdan daşary çalt aýlandy. 1960-njy ýyldan bäri saklanylýan ýazgylara görä, 2020-nji ýylda Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmagy ortaça görkezijiden has tiz, millisekuntda tamamlandy.Ýeriň aýlanyş wagtyny ölçeýän atom sagatlary, iň gysga günleri 2020-nji ýylda hasaba aldy.

1973-nji ýyldan bäri iň gysga gün 2005-nji ýylyň 5-nji iýulynda boldy. Şol gün Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyşy 86400 sekuntdan az, 1516 millisekunt dowam etdi. Şeýle-de bolsa, dünýä bu rekordy 2020-nji ýylyň ortalarynda azyndan 28 gezek geçdi. 2020-nji ýylyň iň gysga güni 19-njy iýul boldy. Şol gün Ýer öz okunyň daşyndan aýlanyşyny 14602 millisekunt çalt tamamlady.

Ýeriň aýlanma tizligi eredilen ýadronyň, ummanlaryň, atmosferanyň we beýleki täsirleriň çylşyrymly hereketi sebäpli yzygiderli üýtgeýär.

1960-njy ýyllaryň ahyrynda hemra ölçegi usuly ulanylyp başlaly bäri, Ýeriň aýlanyş tizligi haýallaýar we has köp sekunt ýazga alyndy.

Dünýäniň aýlanma tizligini synlaýan alymlar 2021-nji ýylda has gysga günlere garaşýarlar. Hasaplamalara görä, 2021-nji ýylda ortaça bir gün 86400 sekuntdan 0,05 millisekunt (ms) gysga bolar.

Ýene degişli makalalar

Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
HORMATLY PREZIDENTIMIZ LEBAP SEMENT ZAWODYNYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Fransiýa millionerleriň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi
Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda 45 sany döwlet emlägi hususylaşdyrmaga berler
Täze strategiýasyny işläp düzdi