Dünýä döwletleri Garaşsyz Türkmenistany gutlaýarlar

Dünýä döwletleri Garaşsyz Türkmenistany gutlaýarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.Olaryň arasynda dünýä döwletleriniň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan gelýän hatlar hem bar.Hatlary iberýänler Prezident Serdar Berdimuhamedowy milli baýram —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglygyny we üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärler.

Bular şu günki Türkmenistan gazetinde beýan edilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakob, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbun, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

Ýene degişli makalalar

Wladimir Zelenskiý "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda çykyş etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG-niň Baş sekretary şäherleriň durnukly ösüşine ýardam bermäge çagyryş etdi
Gimalaýlardaky buzluklar çalt ereýär
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady