Dünýä habarlary gysga setirlerde

Ýurduň Premýer-ministri boldy.Askar Mamin Gazagystanyň Premýer-ministri wezipesine bellendi, degişli karara ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi.Mejlisiň (aşaky palatanyň) wekili Albert Raunyň aýtmagyna görä, Kasym-Žomart Tokaýew palatanyň mejlisinde 2019-njy ýylyň fewralyndan bäri Gazagystanyň hökümetine ýolbaşçylyk edip gelýän Askar Maminiň dalaşgärligini teklip etdi.

Ses berişligiň netijelerini yglan eden palatanyň başlygy Nurlan Nigmatulin Prezidentiň teklibiniň sesleriň köplügi bilen goldanandygyny aýtdy.

Partiýanyň täze lideri. Mejlisiň öňki spikeri Irakli Kobakhidze Gruziýanyň dolandyryjy Gruzin arzuwy partiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Irakli Kobakhidzeniň dalaşgärligi Gruzin arzuwy – Demokratik Gruziýa partiýasynyň gurultaýynda biragyzdan goldanyldy. Gruzin arzuwy partiýasynyň öňki başlygy Bidzina Iwanişwili 11-nji ýanwarda partiýanyň başlygy wezipesinden çekilip, syýasatdan gidensoň onuň ornuna gelen Irakli Kobahidze partiýanyň dördünji başlygy boldy.

Saýlawda ýeňiş gazandy.Ugandanyň 76 ýaşly Prezidenti Ýoweri Museweni 58,64 göterim ses alyp, gaýtadan saýlandy.Museweni 1986-njy ýylda häkimiýete geldi we ýurtda uly täsiri bar.

Ol 5,8 milliondan gowrak saýlawçynyň (58,64 göterim) goldawyny aldy.Esasy bäsdeşi Robert Kýagulani 34,83 göterim, ýagny 3,48 million ses bilen ikinji orny eýeledi.Ugandanyň Prezidentligi üçin 11 dalaşgär bäsleşdi.

Saýlawlarda 18 milliondan gowrak adam ses berdi.

Okuwlaryny dowam etdirer.Täze Zelandiýanyň hökümeti ýurtda ýokary bilim alýan 1000 sany daşary ýurtly talyplaryň aprel aýynda Täze Zelandiýa dolanyp biljekdiklerini habar berdi.Bu sanawa Täze Zelandiýada okuwyny başlan, ýöne dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli 2020-nji ýylda serhetde girizilen çäklendirmeler sebäpli yzyna dolanyp bilmedik daşary ýurtly talyplar girýär.

Täze Zelandiýadaky daşary ýurtly talyplaryň köpüsi hytaýlydyr.Daşary ýurtly talyplaryň umumy sanynda hytaýlylaryň paýy 30 göterimden gowrakdyr.

Iň uzyn asma ýoly açyldy.Serbiýanyň günbataryndaky dag gerişlerinde uzynlygy 9 kilometre deň bolan dünýäniň iň uzyn asma ýoly açyldy.Gold gondola asma ýoly Zlatibor şäheriniň merkezini Tornik dagynyň depesi bilen birleşdirdi.

Bir sagadyň içinde on orunlyk kabinalar 600 adamy äkidip bilýär.Asma ýolunyň gurluşygy 2016-njy ýylda başlandy.Bu taslamanyň bahasy 13 million ýewro deň.Belgraddan 200 km günbatarda ýerleşýän Zlatibor şäheri ýurduň iň uly syýahatçylyk merkezleriniň biridir.

Müsürdäki açyşlar.Kairiň günortasyndaky Sakkarada gadymy ybadathanany we 50-den gowrak sarkofagy ýüze çykardylar.Täze Patyşalyk döwrüne (miladydan öň XVI XI asyrlar) degişli agaç sarkofaklar 10-12 metr çuňlukda ýörite diwar gurluşlaryň içinden tapyldy. Şeýle hem, arheologlar ybadathanany we üç sany kerpiç ammaryny ýüze çykardylar.

Ondan gowrak piramidanyň, gadymy ybadathanalaryň ýerleşýän mekany bolan Sakkara, gadymy Müsüriň Memfis şäheriniň golaýynda ýerleşýär.Ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen.

Sürüjisiz metro otlusy.Nýu-Deli metrosynda sürüjisiz otlynyň işe girizilmegi bilen, Delhi Metro Rail Corporation dünýäniň sürüjisiz işläp bilýän metro torlarynyň ligasyna goşuldy.Ilkinji sürüjisiz metro otlusynyň işläp başlamagy Hindistanyň intellektual ulgamlara näderejede ähmiýet berýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda ýurduň 18 şäherinde metro bolup, olary 2025-nji ýyla çenli 25-e ýetirmek maksat edinilýär.Deli metrosynda 285 beket bolup, uzynlygy 390 km deň we 11 ugurdan ybaratdyr.

The post Dünýä habarlary gysga setirlerde appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy
H.Geldimyradow: Türkmenistanyň soňky ýyllarda SEPKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk
Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy