Dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine itergi berýär

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Hytaýyň ykdysady ösüşi dünýä ykdysadyýetine oňyn itergi berýär.Bu barada Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa mälim etdi.Kristalina Georgiýewa HPG-niň we Bütindünýä bankynyň her ýylyň güýzünde guraýan maslahatynda onlaýn tertipde eden çykyşynda gaznanyň Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi atly hasabatyna salgylanyp, Hytaýyň jemi içerki önüminiň ýokarlanmagynyň iki möhüm ugra esaslanýandygyny tassyklady: birinjiden, Hytaý dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin aýgytly çäreleri gördi, ikinjiden, ykdysadyýetini öňe ilerletmek maksady bilen netijeli maliýe we walýuta hümmeti syýasatlaryny amala aşyrdy.

Hytaýyň jemi içerki önüminiň ösüşi, esasan hem, bu ýurduň ykdysadyýetine ýakyndan bagly bolan esasy çig mal eksport ediji ýurtlar üçin aýratyn möhümdir diýip, HPG-niň başlygy aýtdy. Mundan başga-da, Kristalina Georgiýewanyň pikiriçe, Hytaý dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin halkara tagallalaryna goşuldy.

HPG-niň ýakynda çap eden Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi atly soňky hasabatynda şu ýyl dünýä ykdysadyýetinde belli bir derejede özgerişlikleriň bolandygy bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenleriň pikiriçe, Hytaýyň jemi içerki önümi 1,9 göterim öser, bu bolsa, iýun aýyndaky çaklamadan 0,9 göterim ýokarydyr.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň başlygy ikinji möhlete saýlandy
Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine syn berdi
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer
Kristalina Georgiýewa HPG-niň başlygy wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkezildi
Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi haýal öser
HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy
HPG Gazagystanda sebitleýin mümkinçiligi ösdürmek merkezini açdy