Dünýäde azyk önümleriniň bahasy bassyr dördünji aý ýokarlanýar

Dünýäde azyk önümleriniň bahasy bassyr dördünji aý ýokarlanýar

Azyk harytlarynyň global bahasy bugdaýa we süýt önümlerine bolan islegiň artmagy netijesinde bassyr dördünji aý ýokarlanýar. Şeýle maglumatlary BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasy (FAO) ýaýratdy diýip, TASS habar berýär.

Azyk önümleriniň esasy görnüşleri üçin halkara bahalaryň aýlyk üýtgemelerini görkezýän FAO-nyň azyk bahalarynyň ortaça indeks derejesi noýabr aýynda 134,4 punkt boldy, bu hem 2011-nji ýylyň iýun aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Bu görkeziji oktýabr aýyna garanyňda, 1,2% ýokarydyr.

Hususan-da, süýt önümleriniň bahasynyň ýokarlanandygy bellenilýär: harytlaryň bu kategoriýasy üçin baha indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende, 3,4% ýokarlandy. “Ýag we gury süýt üçin ýokary global import islegi saklandy” diýip, guramanyň hünärmenleri bellediler.

Noýabr aýynda FAO-nyň däneli ekinler üçin baha indeksi oktýabr aýy bilen deňeşdirilende, 3,1% ýokarlanyp, geçen ýyldaky derejeden 23,2% ýokary boldy.Bugdaýyň bahasy 2011-nji ýylyň maý aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. “Ösüş, şol sanda Russiýa Federasiýasynda eksport çäreleriniň bolup biljek üýtgemeleri bilen baglanyşykly näbellilik bilen baha derejesiniň goldanylan wagtynda-da, aýratynam ýokary hilli bugdaýyň çäkli üpjünçiliginiň fonunda ýokary islegiň bardygyny görkezdi” diýip, BMG-niň guramasy belledi.

Noýabr aýynda şekeriň baha indeksi 1,4% ýokarlandy. Ösümlik ýaglary üçin baha indeksi 0,3%, et üçin 0,9% peseldi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi