Dünýäde azyk önümleriniň bahasy ýylyň dowamynda 30%-e golaý ýokarlandy

Dünýäde azyk önümleriniň bahasy ýylyň dowamynda 30%-e golaý ýokarlandy

2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň azyk bahalarynyň ortaça indeks derejesi 125,7 punkt boldy bu 2020-nji ýylyň görkezijilerinden 28,1% ýokarydyr. Bu barada BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasy FAO habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň däneli ekinler üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2012-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi we geçen ýylyň görkezijisinden 27,2% ýokary boldy: mekgejöweniň bahasy 44,1%, bugdaýyň bahasy 31,3% ýokarlandy, şol bir wagtyň özünde tüwiniň bahasy 4,0% arzanlady.

Şeýle-de, 2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň ösümlik ýagy üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 65,8% ýokarlanyp, iň ýokary derejä ýetdi.

2021-nji ýylda FAO-nyň şeker üçin baha indeksi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 29,8% ýokarlandy, bu hem 2016-njy ýyldan bäri iň ýokary ortaça ýyllyk görkezijidir. 2021-nji ýylyň jemi boýunça FAO-nyň et üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2020-nji ýyla garanyňda 12,7% ýokary boldy.

Süýt önümleri üçin baha indeksiniň ortaça derejesi 2020-nji ýyldaky derejeden 16,9% ýokary boldy.

Ýene degişli makalalar

FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy