Dünýäniň iň gadymy haýwanat baglarynyň biri ýapyldy

Dünýäniň iň gadymy haýwanat baglarynyň biri ýapyldy

Angliýada dünýäde iň gojaman haýwanat baglarynyň biri bolan Bristol 186 ýyldan soňra işini bes etdi diýip, Izwestiýa habar berdi.

Haýwanat bagynyň ýapylmagyna koronawirus pandemiýasy zerarly girizilen çäklendirmelerden soňra maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligi sebäp boldy, netijede, haýwanat bagynyň eýesi bolan Bristolyň zoologiýa jemgyýeti haýyr-sanawat guramasy bagyň ýerleşýän çägini satmak kararyna geldi.

Haýwanat bagy 1836-njy ýyldan bäri işläp gelýärdi, oňa häzirki wagta çenli 90 million çemesi adam baryp gördi. Bagyň tebigaty goramak boýunça maksatnamalary birgiden görnüşleri ýitip ýok bolmakdan halas etdi.

Indi bagda saklanýan haýwanlar jemgyýetiň Wild Place (Ýabany ýer) diýlip at berlen täze taslamasynyň ýola goýuljak ýerine göçüriler.

Geçen şenbede onlarça adamlar wiktorian eýýamynyň haýwanat bagyna ýapylmazyndan öň iň soňky gezek baryp görmek üçin nobata durdular.

Ýene degişli makalalar

Emeli aň tehnologiýaly kompýuter
Gülgüne älemgoşar
Kubok ýaryşlary
Serhio Pitol
Howanyň hapalanmagyna garşy göreş
Dünýä habarlary gysga setirlerde