Dünýä habarlary gysga setirlerde

14-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda Nobeliň ykdysadyýet boýunça baýragynyň eýeleri mälim edildi. Ol şu ýyl ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýa institutynyň we Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetiniň hünärmenlerine berildi. Olar amerikan ykdysadyýetçisi Abhijit Banerji, fransuz ykdysadyýetçisi Ester Duflo hem-de amerikan ykdysadyýetçisi Maýkl Kremer. Baýragyň eýeleri 10-njy dekabrda sylaglanylar.

Russiýanyň üç sany ýokary okuw mekdebi Moskwanyň döwlet uniwersiteti, Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersiteti we Nowosibirsk uniwersiteti Gündogar Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýanyň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girizildi. Olar britan kompaniýasy “Quacquarelli Symonds”-iň iň gowy uniwersitetler baradaky täze reýtinginiň başyny çekdi.

Nepal we Hytaý öz döwletleriniň çäklerinde ýerleşýän Ewerest dagynyň beýikligini bilelikde ölçemek barada ylalaşyk gazandylar. Onuň täzeden ölçelmegine geologlaryň Nepalda 2015-nji ýylda bolup geçen ýertitremeden soňra, onuň belentliginiň pese gaçan bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamalary sebäp boldy. Ewerestiň häzirki ykrar edilen beýikligi 8 müň 848 metrdir.

Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellan Awstriýanyň Halk Partiýasynyň (AHP) Lideri Sebastýan Kursa Milli geňeşiň (parlamentiň aşaky palatasy) wagtyndan öň geçirilen saýlawlarynyň netijesi boýunça hökümet düzmegi tabşyrdy. Awstriýada 29-njy sentýabrda wagtyndan öň Parlament saýlawlary geçirilip, onda AHP 37,5 göterim ses bilen ynamly ýeňiş gazanypdy.

Migel Dias-Kanel halk häkimiýetiniň Milli assambleýasynyň (Parlament) agzalary tarapyndan 10-njy oktýabrda biragyzdan Kubanyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Ses berlişik kanun çykaryjy edaranyň nobatdan daşary maslahatynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar
Syýahatçylar üçin dünýäniň iň howply ýerleri
Alpinistler Eweresti zibilden arassalamaga çagyrýarlar
26-njy gezek çykdy
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri