Dursunyň durmuşy: Maşgaladaky zorlugyň pidasy bolýan aýallara ne hossarlary, ne-de başgalar arka çykýar

Dursunyň durmuşy: Maşgaladaky zorlugyň pidasy bolýan aýallara ne hossarlary, ne-de başgalar arka çykýar

Bagtly maşgala gurmak arzuw-umydy bilen durmuşa çykan Dursunyň duçar galan agyr durmuşy Türkmenistanda maşgaladaky zorlugyň gerimini açyp görkezýär. “Bir gezek adamsy urup, onuň elini döwdi. Ol hassahana ýerleşdirilende lukmanlara ýykyldym’ diýdi. Adamsyny gorady. Dursun durmuşa çykaly bäri adamsynyň zulmuna, onuň urgularyna çydap gelýär” diýip, orta ýaşlaryndaky bir zenan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Zenan habarçy Türkmenistanda maşgaladaky zorlugyň gerimini öwrenmek üçin ýurt içinde birnäçe raýat bilen söhbetdeş boldy. Olaryň arasynda Dursunyň beren gürrüňleri köpleri geň galdyrmady, sebäbi “biziň ýurdumyzda aýal maşgalalar erkek adamlardan pes görülýär” diýip, bir aýal aýtdy. “Ne kanun, ne-de hossarlary aýallary öýde bolýan goh-galmagaldan, urgulardan goraýar” diýip, ol sözüne goşdy.

“Köp öýde aýal maşgalany adamsy urýan bolsa, köp öýde kakalary ogul-gyzlaryny zulum bilen saklaýar” diýip, ýene bir gürrüňdeş aýtdy.

Maşgalada bar belanyň körügi köplenç ýeter-ýetmezçilik bolup durýar, ýöne spirtli içgileriň köp sarp edilmegi hem kä halatda öý terroryny körükdirýär.

Dursun diňe bir gezek däl, birnäçe gezek adamsy tarapyndan urlup, hassahana düşüpdir. Ol ilki gaýyn enesine derdini düşündirmäge synanyşýar. Ene öz oglunyň tarapyny çalýar: “Gowy gelin bolsaň, beýdip äriňi ýamanlaman, hyzmatynda bolardyň!” diýýär.

Ýaş gelin ýene birnäçe wagt urgulara çydap gezýär. Ýöne maşgaladaky zorluk dynar ýerde dynmaýar. Dursun ahyrsoňy öz ene-atasyna içini dökýär.

“Çyda, gyzym!” diýip, ene-ata aýdýar. “Çyda, ýaşlyk edýändir. Hemme zat geçer, ýoldaşyň hem düşüner!” diýip, içi ýangynly Dursuna ene-atasy göwünlik berýär.

Ene-atasynyň Dursuna arka çykmaýandygyna düşünip, adamsy maşgaladaky zorlugy öý terroryny beter odukdyrýar. Adamsy öňküden beter urup başlaýar. Dursun ýene-de keselhana düşýär.

Ýanan gelniň sabyr käsesi dolýar. Bu sapar keselhanada lukmanlara içini dökýär. Adamsynyň özüni yzygiderli urýandygyny aýdýar. Lukmanlar ekspertiza barlagyny geçirýär, polisiýa çagyrýar. Polisiýa Dursunyň adamsyny çagyrýar, soraga çekýär.

“Bu soraglardan soňra polisiýa işgäri oňşup ýaşajak boluň, hiç ýerde-de üýtgeşik zat ýok’ diýip, Dursuna akyl berip, işi ýapýar” diýip, Dursunyň durmuşy barada orta ýaşly zenan gürrüň berdi.

Şeýdip, Dursuna adamsynyň ene-atasy hem, öz ene-atasy hem, kanun goraýjy edaralar hem diňe akyl we göwünlik berdiler.

“Köp ene-ata öz gyzlaryny durmuşa çykaranyndan soňra bolýan gohlara goşulmaýar” diýip, başga bir zenan maşgala maşgaladaky zorluga syn berýär. “Ýöne bu ýalňyş düşünje” diýip, ol aýdýar. “Ene-atalar öz abraýlaryny goramak üçin, öz çagalaryny oduň içine öz elleri bilen atýarlar” diýip, habarynyň gürrüňdeşi maşgaladaky zorluga ene-atalaryň goşulmazlygyny özüniň oňlamaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda raýatlaryň maşgala durmuşy ýurduň Maşgala kodeksi bilen düzgünleşdirilýär.

Maşgala kanunçylygy Türkmenistanda maşgalanyň islendik agzasy babatda islendik görnüşde zorluk edilmegine ýol bermezlik; maşgalanyň işlerine başga biriniň gatyşmagyna ýol bermezlik; maşgalada çagalaryň sagdyn ösmeginiň üpjün edilmegi; eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagy; maşgalanyň erkek bilen aýalyň birek-birege bolan söýgüsi esasynda meýletin gurulmagy ýaly wezipeleri öz üstüne alýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir uly ýaşly aýal adamsynyň özünden her gün içgä pul soraýandygyny, goh turuzýandygyny aýdýar. Ol maşgalanyň gündelik iýjek-içjegini zordan tapýandygyny gürrüň berýär.

“Bu goh-galmagal diňe är-aýalyň arasynda geçmeýär, eýsem bu maşgaladaky çagalaryň psihikasyna, ruhy saglygyna-da täsir edýär. Hökümet är-aýalyň arasyndaky goh-galmagala goşulmak islemeýär” diýip, bir ýerli psiholog Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Görülýän iň agyr çäre 15 gün tussaglyk. Ýöne tussaglykdan gelenden soňra adamsy öz maşgalasyna öňküden beter ezýet berýär” diýip, psiholog sözüne goşdy.

Köpler maşgaladaky zorluga ykdysady kynçylyklary, ýeter-ýetmezçiligi, spirtli içgi içmek ýaly ýaramaz endikleri sebäp görkezse, beýlekiler “türkmençiligi” aýyplaýar.

“Türkmençilikde aýal maşgala öz adamsyndan aýrylyşsa, ilki bilen şol aýal maşgalany günäkär edýärler. Eger aýal gowy bolsa, çydardy, geçirimli bolardy, abraýyny gorardy’ diýýärler” diýip, bir ýaş gyz gürrüň berdi.

“Adamlar ol maşgalada çekilen ezýetleri, kemsitmeleri, urgulary bilmeýärler. Bilseler-de erkek adamlary hakly çykarýarlar” diýip, ol sözüne goşdy.

Maşgaladaky erkek diýdimzorlygynyň aňyrsynda ýatan sebäpleriň ýene biri hem maşgalada ekleýji meselesiniň gozgalmagydyr.

Zenanlaryň sözlerine görä, erkekleriň arasynda “meniň öýüm, meniň zatlarym, men gazandym” diýip, dawa turuzýan adamlar hem bar.

“Köp işlemeýän aýal maşgalalar çykgynsyz ýagdaýda galýarlar. Erkek adamlaryň arasynda öz maşgalasyny gijäň ýary öýünden kowup goýberýän adamlar hem bar” diýip, bir erkek adam aýtdy.

“Aýal maşgalanyň hossarlary hem çagaly bolsalar, olary yzlaryna kabul edesleri gelmeýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Köplere görä, türkmen jemgyýetinde aýal maşgalalar “Il-gün näme diýer”, “millet näme diýer” “adamlaryň diline düşseň erbet bolar” diýip, bir topar tanalýan ýa-da tanalmaýan bolar-bolgusyz adamlaryň gep-sözünden çekinip, kyn durmuşda ýaşamagy saýlap alýarlar.

“Biziň ýurdumyzda daşary ýurtlardaky ýaly kyn güne düşen aýallary gorajak gurama-da ýok” diýip, bir ýaş gelin hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalaryny göz öňünde tutup gürrüň berdi.

Synçylar türkmen jemgyýetinde dowam edýän bu problemalaryň iň wawwaly meseleleriň biridigini aýdýarlar. “Bu problema çözgütsiz galdygyça birnäçe aýal-gyzyň janlary howp astynda galýar” ýidip, ýerli synçy nygtady.

Bagtly maşgalalar hem bar. Bagtly maşgalalar gülüp-oýnap ýaşar. “Bagtly maşgalalaryň hekaýasy bir-birine meňzeýär” diýip, bir ýaş gelin hamsykdy.

Türkmenistanyň kanunçylygy erkekleriň we aýallaryň arasyndaky deňhukuklylygy kepillendirýär. Türkmenistan Aýallara garşy ýekirmeleriň ähli görnüşiniň ýok edilmegi boýunça halkara konwensiýa goşuldy. Ýöne kanunçylyk iş ýüzünde jemgyýetiň durmuşynda öz beýanyny tapmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi
Görogly etrabynda soňky ýüz ýylda ikinji gezek üçem perzentler dünýä indi
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi
Saglygym baýlygym
Jandan eziz Watanym!
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy