Ýene-de bir aýdan paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça 16-njy Aziýa çempionatynyň duşuşyklarynyň başlanýan wagty mälim edildi. 16 ýygyndynyň gatnaşýan ýaryşynda toparlar 4 toparçada çykyş ederler.
Toparçadaky oýunlar tamamlanýança her gün 4 duşuşyk oýnalar. Şol duşuşyklar 13:00-da, 15:00-da, 17:00-da hem-de 19:00-da başlar.Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 26-njy fewralda Oman bilen geçirer.
Ildeşlerimiz 28-nji fewralda Täjigistan, 1-nji martda Wýetnam bilen duşuşar.Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriljek bu 3 duşuşyk hem 19:00-da başlanýar.Çempionatyň açylyş oýnunda “B” toparçanyň wekilleri Liwan bilen Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary duşuşar.
Bu duşuşyk 26-njy fewralda 13:00-da başlar.Umumylykda çempionatda 35 duşuşyk geçiriler. Şolaryň 24-si toparçalardaky oýunlardyr.Toparçadaky duşuşyklar 2-nji martda tamamlanar. 4-nji martda çärýek final duşuşyklary geçiriler. 6-njy martda ýarym finalyň hem-de çärýek finalda utulan toparlaryň arasynda 58-nji ýer ugrundaky duşuşyklar oýnalar. 8-nji martda ilki 13:00-da 56-njy ýer, 16:00-da 3-nji ýer ugrundaky duşuşyklar geçiriler.
Final oýny bolsa, şol gün 19:00-da oýnalar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyňtoparçalarda geçirjek duşuşyklary:26-njy fewral 19:00 “A” toparça Türkmenistan Oman Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy28-nji fewral 19:00 “A” toparça Türkmenistan Täjigistan Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy1-nji mart 19:00 “A” toparça Türkmenistan Wýetnam Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy