Egne asylýan akylly torba

Samsonite kompaniýasy Konnect-i modelli egne asylýan torbalaryň täze görnüşini satuwa çykardy.Täze harytda rýukzagy şahsy smartfon bilen baglamaga mümkinçilik berýän Google kompaniýasynyň Jacquard tehnologiýasy ulanylypdyr.

Torbanyň egne asylýan kemerleriniň birine ýerleşdirilen akylly enjam eliň hereketleri bilen Jacquard applikasiýasy ýüklenen smartfony dolandyrmaga mümkinçilik berýär.Applikasiýanyň üsti bilen smartfonyň jaňlaryny kabul etmek, surata düşürmek, ses ulgamyny dolandyrmak we ýol görkezmek ýaly aýratynlyklary işjeňleşdirjek hereketlerini sazlap bolýar.

Smartfona jaň ýa-da SMS gelende torbanyň enjam ýerleşdirilen gözenegi ýalpyldaýar we titreýär.

Suw geçirmeýän matadan tikilen täze Konnect-i modelinde 15,6 dýuýmlyk kompýuterlere niýetlenen jübi hem göz öňünde tutulypdyr. Torbadaky Jacquard tehnologiýasyny iOS we Android dolandyryş ulgamlarynyň ikisinde hem ulanmak mümkin.

Has akylly hereket et şygary bilen bazara çykarylan täze rýukzagyň adaty görnüşi 219,99 dollardan, has inçe görnüşi 199,99 dollardan satylýar.

Ýene degişli makalalar

Apple satuwlar boýunça ilkinji gezek Samsungdan öňe geçdi
Xiaomi ýedi sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Apple iOS 16-nyň täze beta-wersiýasyny çykardy
Huawei 2020-nji ýylyň III çärýeginden bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy
Xiaomi 8 sany meşhur smartfony üçin MIUI 13-i işläp taýýarlamagyny bes eder