Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Maltanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiabenzini we awiakerosini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi.Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryna golaý boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Pakistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 853 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 4 million 712 müň manatlyk plastik poddonlary, şeýle hem bahasy ABŞ-nyň 100 müň dollaryna golaý bolan portlandsementi satyn aldylar.