Elektroenergetika ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Onda pudagyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler hem-de ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri babatda elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça energetika pudagynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda hem-de welaýatlarda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi. Şeýle hem DaşoguzBalkan we BalkanAhal welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoblogyň döredilmegi içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, daşky gurşawy goramak meselelerine örän ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.Serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrudyr.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň ähmiýetini belledi. Şeýle-de, hereket edýän we gurulýan önümçilik kuwwatlyklarynyň işiniň ekologiýa talaplaryna doly kybap gelmeginiň möhümdigi nygtaldy.Soňra energetika ministri M.Artykow TürkmenistanOwganystanPakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, elektrik energetikasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap etdi hem-de ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.Milli Liderimiz energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistanyň dünýäniň baý döwletleriniň biridigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň tutuş dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanylýandygyny nygtady. Şundan ugur alyp, bu möhüm pudaga maýa goýumlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak zerurdyr. Şunuň netijesinde, türkmen energetika senagaty ýokary depgin bilen ösýär we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer TürkmenistanOwganystanPakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli gurulmagy, şeýle hem bu ulgamda beýleki halkara taslamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagy üçin TürkmenistanOwganystanPakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligini döretmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Hormatly Prezidentimiz TOP taslamasynyň diňe sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin hem möhüm ähmiýetlidigini belläp, hödürlenen teklibi makullady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz M.Artykowyň ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmekde örän köp işleri edendigini, hususan-da, onuň Owganystanda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşandygyny, bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, oňa ýene-de bir jogapkärli wezipäni ynanmak barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz M.Artykowy TürkmenistanOwganystanPakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy. Öz gezeginde, M.Artykow özüne bildirilen ýokary ynam hem-de tabşyrylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna hormatly Arkadagymyzy ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz M.Artykowa täze döredilen müdirligiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, onuň düzümine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda tejribeli işgärleri saýlap alyp, ony çaltrak işe girizmegi tabşyrdy hem-de oňa öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, degişli ýolbaşçylara göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmekde ähli tagallalary etmegi tabşyrdy we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistan, Owganystan, Pakistan TOP taslamasynyň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça duşuşyk geçirerler
Türkmenistan bilen Owganystan Hyrada elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
Türkmenistanda ilkinji gezek Falling Walls Labs halkara ylmy-barlag bäsleşigi geçirildi
Kabulda TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky 48-nji saýlaw uçastogynda mynasyp gören dalaşgärine ses berdi