Energiýa garaşsyzlygyny goldamakçy

Ýewropa Bileleşigi öňümizdäki gyşda energiýa garaşsyzlygyny goldamak maksady bilen agza döwletleriniň arasynda, takmynan, 20 milliard ýewro töweregi paýlar.

Bu teklip Çehiýanyň başlyklygynda taýýarlandy we hödürlendi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň maliýe ministrleri muny goldadylar, indi bolsa şol esasda Ýewropa Bileleşigi gaznalaryndan gelýän serişdeleriň bir bölegini täze energiýa çeşmelerine geçmek üçin ulanyp bilerler.

Bu serişdeler howa goýberilýän zyýanly gazlar üçin kwotany satmakdan alnar. Şeýle-de bolsa, bu heniz gutarnykly däl, sebäbi döwletler Ýewropa Parlamenti bilen maliýe goldawynyň soňky görnüşi barada ylalaşmaly bolarlar.

Wisegrad toparynyň (Çeh Respublikasy, Wengriýa, Polşa we Slowakiýa) ýurtlarynyň hersine, takmynan, 680 million ýewro bölünip beriljekdigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Balkanabatda, Türkmenbaşyda ýazgyda durmadyk sürüjiler işden kowulýar
Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar
Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Ýewropa Bileleşiginiň giňelmegi
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde üç basgançak ýokary galdy
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň ýurtda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady