"Eren-4 Karlyowa-Warto" we "Eren-5 Bagok" operasiýalary başladyldy

"Eren-4 Karlyowa-Warto" we "Eren-5 Bagok" operasiýalary başladyldy

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan şehit edilen Eren Bülbüliň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde Eren operasiýalarynyň başladylandygy ýatladyldy.

"Eren-1 Tendürek", "Eren-2 Lije" ve "Eren-3 Agry Dagy" atly operasiýalarynyň dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Žandarma güýçleriniň desant toparlary, Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 1620 harby bilen Eren-4 Karlyowa-Warto atly operasiýasy, Žandarma güýçleriniň desant toparlary, Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat 2 müň 550 harbynyň gatnaşmagynda bolsa Eren-5 Bagok atly operasiýa başladyldy. Ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen geçirilýän Eren operasiýalary, halkymyzyň goldawy bilen ynançly we tutanýerli ýagdaýda dowam edýär" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Glazgonyň muzeýlerinden Rodeniň heýkelini tapanoklar
Türkmenistan we “Euronews” teleýaýlymy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
Aşgabatda Euronews Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy
ABŞ Eýrana degişli ok-därileri Ukraina ugratdy
Skapeniň sapalagy atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy