Ertekini ýadyňa salýan şäher

Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam jahankeşdeleriň iň halaýan şäherleriniň biri hasaplanýar. Şäheriň binagärlik aýratynlygy, kanallary, gaýyklary, welosipedleri we tebigaty myhmanlary özüne bendi edýär. Ýaşaýjylarynyň sany bilen deňeşdirilende, iň köp syýahatçynyň barýan şäherleriniň biri bolan Amsterdamda muzeýleriň onlarçasy bar. Geliň, Ýewropanyň demirgazygynda ýerleşýän bu şäher barada gysgaça maglumatlara seredeliň!

Öňki döwürlerde kiçijik şäherçe bolan Amsterdamyň ýaşaýjylarynyň aglabasy balykçylyk bilen meşgullanýan eken. Häzirki wagtda şäherde 178 milletiň wekilleri ýaşaýar.

Şäherdäki welosipedleriň sany ilatyň sanyndan hem köp. Şäherde welosiped sürüjileri üçin niýetlenen ýodalaryň umumy uzynlygy 400 kilometre ýetýär.

Şäher deňiz derejesinden ortaça 6,7 metr pesde ýerleşýär. Şäherde ululy-kiçili 1281 köpri bar.

Amsterdamda kanallaryň üstünde gurlan 2 500 töweregi jaý bar.

Amsterdamyň esasy binagärlik aýratynlygy hasaplanýan öňi dar we beýik jaýlar öňki döwürlerde ýerden salgyt alynýandygy sebäpli şeýle gurlupdyr. Häzirki wagtda bu jaýlar şäheriň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýar.

Bu şäheriň myhmanlarynyň sany ýylsaýyn köpelýär. Amsterdama ýylda, ortaça, 21 million syýahatçy barýar.

Amsterdamyň binalarynyň köpüsi ozalky wagtda batgalyk bolan ýerde agaç gazyklaryň üstünde gurlupdyr. Şäheriň otly menziliniň hem şeýle usulda gurlandygy aýdylýar.

Şäherde 75 muzeý bar.

Şäherde Backie atly adalga bar. Bu söz ýerli ýaşaýjylaryň isleg bildirýän syýahatçylary welosipedleriniň yzyndaky oturgyçda gezelenç etdirmegini aňladýar.

Soňky ýyllarda şäherde üç ölçegli çap etmek (3D) usulynda gurlan jaýlar hem bar.

Taryhda ilkinji birža bu şäherde peýda bolupdyr.

Dünýäniň beýleki islendik şäheri bilen deňeşdireniňde ýaşaýjy sanyna görä iň köp muzeý Amsterdamda ýerleşýär.

Häzirki wagtda şäherde Wan Gog, Reýks, Stedeleýk muzeýleri, Anna Frankyň we Rembrandtyň öý muzeýleri bar.

Dünýä belli suratkeş Wan Goguň muzeýinde sungat ussadynyň 200-e golaý eseri bar.

The post Ertekini ýadyňa salýan şäher appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

3 muzeý, 3 şäher
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar
Gaýykly gezelenç edilýän owadan şäherler
Stambul Howa Menzilinden Günde Ortaça 1423 Uçar Sapary Guraldy
Türkmenistanyň ilçisi Niderlandlaryň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy
Stambulyň howa menzili iň köp gatnawly diýlip yglan edildi
Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar