EURO 2020-niň toparçalary belli boldy

Futbol boýunça geljek ýylyň tomsunda, has takygy, 2020-nji ýylyň 12-nji iýuny 12-nji iýuly aralygynda yklymyň 12 şäherinde geçiriljek 16-njy Ýewropa çempionatynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi.

Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde geçirilen bije çekiliş dabarasyna futbol dünýäsiniň öňki-soňky ýyldyzlary, tälimçiler gatnaşdylar.Bijä laýyklykda “A” toparçada Italiýanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Uelsiň, “B” toparçada Belgiýanyň, Russiýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, “C” toparçada Gollandiýanyň, Ukrainanyň, Awstriýanyň, Pleý-offuň ýeňijisi (“A”/“D”), “D” toparçada Angliýanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň, Pleý-offuň ýeňijisi (“C”), “E” toparçada Ispaniýanyň, Şwesiýanyň, Polşanyň, Pleý-offuň ýeňijisi (“B”) hem-de “F” toparçada Portugaliýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Pleý-offuň ýeňijisi (“A”/“D”) çykyş eder. Ýewropa çempionatynyň soňky çempiony Portugaliýanyň hem-de Dünýä Kubogy ýaryşynyň soňky 2 ýeňijisi Fransiýa bilen Germaniýanyň bir toparça düşmegi aýratyn bellärliklidir. Çempionatda çykyş etjek galan 4 topary kesgitleýän Pleý-off tapgyry bolsa, geljek ýylyň mart aýynda geçiriler. Ýewropa çempionatynyň guralyp başlanyna 60 ýylyň dolmagy mynasybetli, täzeçe usulda geçiriljek çempionatyň duşuşyklary yklymyň Rim (Italiýa), Bilbao (Ispaniýa), Baku (Azerbaýjan), London (Angliýa), Sankt-Peterburg (Russiýa), Münih (Germaniýa), Amsterdam (Gollandiýa), Buharest (Rumyniýa), Glazgo (Şotlandiýa), Dublin (Irlandiýa), Kopengagen (Daniýa) hem-de Budapeşt (Wengriýa) şäherlerindäki stadionlarda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ukraina finala çykdy
Ýewro-2020: Italiýa Uelsi, Şweýsariýa Türkiýäni ýeňdi
64 ýyl garaşdyran Dünýä Kubogy
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
Ýewropanyň öňdebaryjy klublary Super liganyň döredilendigini habar berdiler
Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň hemmesi belli boldy
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy