Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Harby-deňiz güýçleriniň dik uçuş pilotsyz uçarlary, ösen radarlar we Jask-2 suwasty raketa ulgamy ýaly täze üstünlikleri sergide görkezildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Deňiz güýjüniň öz-özüni üpjün etmek boýunça gözleg we jihad guramasynyň başlygy admiral "Majid Magsoudi" sişenbe güni Deňiz üstünlikleri sergisiniň çäginde EýranPress-e beren interwýusynda Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Harby-deňiz güýçleri, suwasty we suwüsti hem-de howada köp enjamy bolan enjamlaşdyrylan güýçdir diýdi.
admiral Majid Magsoudi sözüniň dowamynda ilkinji gezek sanksiýalar sebäpli Eýrana girmekde kynçylyk çeken bölekler toplumy bilimlere esaslanýan kompaniýalaryň we içerki kuwwatyň ulanylmagy bilen guruldy diýdi.
Admiral Magsoudi şeýle-de Elektron enjamlary we maksatlary kesgitleýji enjamlar babatynda gowy öňegidişlik gazanyldy we suwastyndan suwüstine atylýan roketa ulgamy bolan Jask-2 roketa ulgamy goranyş pudagynda geçirilen synaglardan soň köpçülikleýin önümçilik ulgamyna girdi" -diýdi.