Eýran goşunynyň “UAV ”şäherçesiniň açylyşy

Eýran goşunynyň “UAV ”şäherçesiniň açylyşy

Eýran Yslam Respublikasynyň goşuny düýn iň gizlin uçarmansyz uçarlar bazalarynyň birini açdy.

Uçarmansyz howa ulaglaryny ulanmagyň artykmaçlyklary sebäpli birnäçe ýurt dürli uçarmanlary ösdürýär we giňeldýär.Eýran Yslam Respublikasy hem bu meselede möhüm ädim ätdi welin, soňky ýyllarda 24 sagat uçuş dowamlylygy we götermäge ukyply 2000 km aralygy aşýan we 22 oky bolan Araş adly harby pilotsyz uçaryň ulanmagyny başlady.bu pilotsyz uçaryň Dürli ok-däri we lazer raketalary bardyr we maglumatlary ýygnamak we surata düşürmekde ukyplydyr .

Mohajer 2, Mohajer 4, Mohajer 6, Raad 85, Araş, Ababil 4, Karar, Naser, Kiýan 1, Kiýan 2, Omyt, Kaman 12, Kaman 22 we Sadek adly pilotsyz uçarlary goşunynyň eýeçiligindäki beýleki pilotsyz uçarlaryň arasyndadyr.

Bu uçarlar,Eýran Yslam Respublikasynyň, operasiýa söweşinde peýdalyljakdyr.

Söweş meýdanyndaky üýtgeşmeleriň we geljekdäki söweşleriň ýokary tizligi sebäpli, uçarmanlaryň duşman hüjümlerine jogap bermek ukybynyň ýokarydygyny, bu tehnologiýanyň öndürilişiniň, gurluşygynyň we optimizasiýasynyň geçmiş bilen deňeşdirilende has çaltlaşandygyny aýdyp bolar.

Geljekki ýyllarda bu guşlaryň ähmiýeti örän möhümdir.Soňky gapma-garşylyklar uçarmansyz howa ulaglarynyň häzirki zaman söweşlerinde öz ornuny alyp, gözleg we söweş hüjüm, gözegçilik we başga-da serhet goragçylaryndan başlap, gara ýollara we şäherlere gözegçilik etmek ýaly köp dürli wezipeleri ýerine ýetirmekde başarnyklydygyny görkezdi.

Eýranyň Pilotsyz şäheri açmak ugrundaky harby hereketinde birnäçe strategiki mesele bar. Iň möhüm meseläň biri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň harby enjamlary öndürmek barada şeýle bilimleri bardyr we häzirki zaman enjamlaryny öndürmek we köpçülikleýin öndürmek ukybyna eýedir. Goşunyň pilotsyz şäheri birnäçe ýüz metr çuňlukda döredildi we Sionist metbugatynyň habaryna görä, bazasy ýerasty we howpsuz we strategiki maksatlar üçindir.

Goşun UAV şäherçesiniň açylyşynyň ýene bir möhüm ähmiýeti, bu strategiki üstünlik, duşmanyň giň sanksiýalaryna garamazdan gazanyldy.Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleri sanksiýalary ,harby enjamlar barada bilim almak üçin ulandy.

Aslynda, sanksiýalar diňe bir ýurduň harby ösüşine päsgel bermän, eýsem harby çykdajylary hem azaltdy, sebäbi Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleri häzirki zaman ýaraglaryny we harby enjamlaryny import etmek üçin köp çykdajy etmegiň ýerine, has arzan içerde öndürip başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplygyň 28 ýyllygy mynasybetli gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi
Amerikanyň Siriýada bikanun bolmagyna we toslamalaryna Eýranyň reaksiýasy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Amerikanyň jogaby alyndy