Eýran: Sionist režimi esassyz tussag etmeleri bes etsin

Eýran: Sionist režimi esassyz tussag etmeleri bes etsin

Eýranyň Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň türmesinde palestinaly tussag "Maher al-Ahrasyň" boşadylmalydygyny nygtap Basyp alyjylar esassyz tussag etmeleri bes etmelidirler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni Twitterde palestinaly tussag Maher al-Ahrasyň açlyk yglan etmegine yşarat edip, Maher al-Ahrasyň üç aý bäri hiç hili aýypsyz tussag edilendigini we açlyk yglan etmegine we halkara garşylyklaryna garamazdan Ysraýyl režiminiň bu işi bes etmekden saklanýandygyny we bu palestinaly tussagyň esassyz tussag edilmegini aklamakdan ýüz öwürýändigini habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi basybalyjylaryň esassyz tussag edilmegini bes etmelidigini we ony we adalatsyz tussag edilen ýüzlerçe palestinalyny boşatmalydygyny aýtdy.

49 ýaşly Al-Ahras Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Jenin şäherinden bolup, 27-nji iýulda sionist režimi tarapyndan tussag edildi.

Ol Özüniň we beýleki palestinaly tussaglaryň köpüsiniň esassyz tussag edilmegine garşy 90 gün bäri açlyk yglan edendir.

Ýene degişli makalalar

'Açyk pikir alyşmalar syýasy doňakçylygy eredip, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berer'
'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär
Daşary Işler Ministri Fidan, YHG-nyň Maslahatyna Gatnaşdy
Şimşek Türk Emläklerine Bolan Gyzyklanma Kanagatlanma Bildirdi
Astanada Owganystan boýunça “C5+1” formatyndaky ýörite mejlis geçirildi
Aşyr Aýy we Aşura Güni Düşümli Bolsun!
Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar