Eýranly talyplaryň habarlar agentligine (ISNA) beýanat beren Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň metbugat sekretary Müjteba Halidi, Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde çöken 10 gatly bina bilen baglanşykly soňky maglumatlary paýlaşdy.
Müjteba Halidi: "Çöken binada azyndan 4 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär" diýip habar berdi.
Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Mehdi Welipur bolsa: "Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň işgärleriniň geçiren derňewleri we şaýatlaryň beren habaryna görä, harabalyklaryň aşagynda azyndan 80 adamyň bardygy çak edilýär" diýip mälim etdi.
Binanyň eýesiniň we potratçynyň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi.
Sosial mediada görkezilen wideo materiallarynda, wakadan soň ýumrulan binanyň golaýynda üýşen onlarça adam hökümede garşy şygarlar aýtdylar. Şäherde howpsuzlyk çäreleriniň artdyrylandygy beýan edildi.
Huzistan welaýatynyň Abadan şäheriniň Tehlenji Emiri etrabynda gurluşygy dowam edýän 10 gatly Abadan Metropol işewürler merkeziniň binasy çöküpdi.