Eýranda bir million 158 müňden gowrak adam korona keselinden gutuldy

Eýranda bir million 158 müňden gowrak adam korona keselinden gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1,158 million adamyň dikeldilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 6207 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 495-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 367 müň 32 adama ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1,158,475 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.

Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 98 milliondan geçdi, şolardan azyndan iki milliony öldi we 71 million töweregi adam sagaldy.

Ýene degişli makalalar

Pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
'Salam Dogan!': Abort açyk gürrüňi edilmeýän gozgalmaly agyr mesele
Syýahatçylyk Hepdeligine Bagyşlanan Gepleşik
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary