Eýranda proteste goldaw berenlere garşy kazyýet işi gozgalar

Eýranda proteste goldaw berenlere garşy kazyýet işi gozgalar

Eýranyň Kazyýet organynyň başlygy Gulam Hüseýin Muhsini Ejei, 22-nji ýaşyndaky Mahsa Emininiň göz tussaglygyna alynmagyndan we birnäçe wagt soň ýogalmagyndan soň başlan protestlere goldaw berýänlere garşy kazyýet işiniň gozgaljakdygyny habar berdi.

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Ýokary Kazyýet Geňeşiniň maslahatynda çykyş eden Gulam Hüseýin Muhsini Ejei, proteste goldaw berýän adamlara duýduryş berdi.

Diňe köçelere çykan adamlaryň däl, eýsem olara goldaw berýänleriň hem günälidigini aýdan Ejei, şol adamlar bilen baglanşykly hukuk tapgyrynyň başladyljakdygyny mälim etdi.

Ejei ýurtdaky käbir adamlaryň dowam edýän protestlere goldaw bermeklerine nägilelik bildirip, şol adamlaryň zyýan ýeten ýerleriň maddy taýdan öwezini doljakdygyny habar berdi.

Şol maslahatda çykyş eden Tähranyň prokurory Ali Al-Kasi Mehr hem gozgalaňçy diýip häsýetlendiren protestçilere garşy kazyýet işiniň gozgalmagy üçin prokuraturanyň çäginde ýörite bölümleriň döredilendigini aýan etdi.

Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde 13-nji sentýabrda ahlak polisiýasy diýip bilinýän Irşad patrullary tarapyndan göz tussaglygyna alynanyndan soň, hassahana ýatyrylan Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda ýogalmagy ýurtda protestleriň başlamagyna sebäp bolupdy.

Mahsa Emininiň 17-nji sentýabrda dogduk ýeri Sakkyz şäherinde geçirilen jynaza çäresinden soň başlan protestler, gysga wagtyň içinde ýurduň ençeme şäherine ýaýrapdy.

Eýranly käbir türgenler we sungat işgärleri hem çap eden ýüzlenmeleri bilen protestlere goldaw beripdiler, howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmaklaryna reaksiýa bildiripdiler.

Ýene degişli makalalar

Eýranda bir esger 5 gullukdaşyny öldürdi
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistandaky täze ilçisini belledi
Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy
Eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Aşgabatda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Eýranda ýertitreme boldy