Eýranda takmynan bir million 145 müň adam korona keselinden halas boldy

Eýranda takmynan bir million 145 müň adam korona keselinden halas boldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan takmynan 1,145 million adamyň dikeldilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" penşenbe güni ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 6204 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 677-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 354 müň 520 adama ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1,144,549 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.

Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 97 milliondan geçdi, şolardan azyndan iki milliony öldi we 70 million töweregi adam sagaldy.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Syýahatçylyk Hepdeligine Bagyşlanan Gepleşik
Resmiler ýaýraýan dem alyş keselini açyk agzamaýarka, Aşgabatda hlor bilen ýuwmak çäreleri geçirýär
Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar