Eýranyň Abadan şäherinde çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Eýranyň Abadan şäherinde çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Abadan şäheriniň häkimi Ihsan Abbaspur, şäherde gurluşygy dowam edýän 10 gatly işewürler merkeziniň binasynyň çökmegi netijesinde ýogalan adamlar barada beýannama berdi.

Abbaspur: "Ýene-de 3 adamyň jesedi tapyldy. Ýogalanlaryň sany 41 adama ýetdi" diýip mälim etdi.

Eýranly resmi gözleg işleriniň bolsa arakesmesiz ýagdaýda dowam edýändigini aýan etdi.

Abadan şäheriniň Tehlenji Emiri etrabynda guluşygy dowam edýän 10 gatly Abadan Metropol işewürler merkezi 23-nji maýda çöküpdi.

Wakadan soň başladylan derňew işiniň çäginde Abadan şäheriniň häkimi Hüseýin Hamidpur bilen şäheriň ozalky 2 häkimi bilen birlikde jemi 13 adamyň göz tussaglygyna alynandygy beýan edildi.

Abadan Saglygy goraýyş ylymlar uniwersitetinden geçen hepde berilen ýazmaça beýanatda harabalyklaryň aşagynda ýene-de 38 adamyň bardygy çak edilýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
Yrakly ministrler Türkiyä sapar gurar
Hakan Fidan Yrakly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
“Pakistan Bilen Eýranyň Arasyndaky Dartgynlygyň Möwjemegini Islemeýäris”
Pakistan we Eýran ilçiler barada özara ylalaşyk gazandylar
Abadan ýurduň bagtyýar geljegi
Eyyam Group garderob otagy üçin metal şkaflary hödürleýär